Ildeş tragediýasy
Seniň sesiň kesilmeli bolanda,
seniň sesiň basylmaly bolanda,
peseltmeli bolsa kem-kemden aşak,
düşürmeli bolsa münberden seni,
kanunlary biler olar jikme-jik,
her harpyna çenli dürtüp gözüňe,
ýok kanuny dörederler, taparlar,
emma sesiň açylmaly bolanda,
bilmez olar hiç kanuny, kadany,
öňde borlar gaçylmaly bolanda,
keseki däl, ildeşleriň öňürti,
arkadaşyň, pikirdeşiň, dostlaryň,
ikiýüzli süri ulalar günde,
çekilmeli borsuň ýorulyp, aryp,
sebäbi sen jogapkärsiň ozaly
saglygyňa, maşgalaňa, çagaňa,
özüň dargap, kömek edip bilmersiň,
niýetinde, pikirinde dagana.