Duzak medeniýeti
Duzak medeniýeti
Başga ýurtda ýaşaýarsyň,
işleýärsiň, salgydyňy,
ýol hakyňy töläp ýylda,
jaý alýarsyň karza girip,
bar düzgüni saklap ýolda,
ozjak bolman, arabaňy
tigirleýäň, gün-güzeran
aýlamaly adam bolsaň,
düşünýärler, ýerli halkyň
seniň bilen işi ýok,
emma ildeş, öňki, soňky,
dil uzadýar çydaman,
ýogsa seni görenok ol,
toýda-ýasda, köçede,
başga şäher, başga ülke,
aralykda daglar bar,
deňizler bar, emma pahyr
jylaw saljak uzakdan,
öz-özüne duzak bolan,
ýadamaýar duzakdan.