Başganyň batgasy

Sen başgany düzetmeli däl, ilki
öz-özüňi düzetmeli, ösmeli,
ýalňyşan ýerleriň, eden pikiriň,
aýdan, diýen sözleriňi seljerip,
günde özüň mündürmeli terezä,
manty däl-de, belki, mantyk gözünden,
logika gözünden bakmaly ile,
haýyr işi etjek bolýan, kim bolsun,
ýa synanýan, ýa düzedýän ýalňyşyn,
özün asyp käte asmanda Aýdan,
ýagşy, ýaman netijesin görýänçäň,
ýol bermeli, durmaly däl öňünde,
emma adam bilip bilmedik bolsaň,
kimdigini, nämedigin, niýetin,
öňküsi dek turjak, durjak öňüňde,
ýa-da senden artyk görjek özüni,
garalajak, basjak aşak başarsa,
kim men diýmän häkim boljak, han boljak,
görýäň, käte edip biljek zadyň ýok,
gahar eseň, içiň-bagryň gan boljak.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024