Aralyga pul düşende
Bilýänsiňiz adamlary,
Nedir şany, mysal üçin,
öz oglunyň gözün oýan,
ýa osmanly taryhyny,
ondan öňki, soňkylary,
biri-birin uran, çapan,
Kaşgaryny bilýänsiňiz,
sözlük ýazan gaçyp, tezip,
dogan-gardaş awusyndan,
bosgunlykda alym bolan,
bilersiňiz ýene-de siz,
ata, ogul, daýy, ýegen,
ýegen däller arasynda,
arasynda tire-taýpaň
näme bolar, näme bolmaz
aralyga pul düşende,
mal düşende uly, soňsuz,
ýuwaş-gaty, batyr, gorka,
bir-biregi çekip gorpa,
gepiň köki, duzy şunda,
görer olar ganly gylyç
hem düýşünde, hem huşunda.