"Samahylly syýasaty" kitabyndan
Sen adamy oka, sesli kitapdyr,
ýagşy, ýaman, bir zat gürleýän bolsa,
dymsa erbet, içe salyp baryny,
eger halky okamagy öwrenseň,
ýüzük oýnan ýaly obada, toýda,
puçlap çykyp bolar görmän ýaryny,
mekirsirän, duzak guran özüne,
a galany, ot ýakynsyn, ýakmasyn,
özi bişer öz öçüren közüne,
gygyrma sen oňa ummandan geçip,
özüň näme bilmän, saýgarman ilki,
hem şol ýerde ertir kül boljak öçüp.