Müňkür okyjy
Seniň ýazýan zatlaryňy okaýan,
eger erbet pikir etse sen hakda,
ýa gürrüňiň edýän bolsa ýeňsäňden,
ýa ýigrense sulhy alman, keýpine,
setirleriň arkasyndan, astyndan
özün gözlär, çykjak ýaly duýdansyz,
ýazylan dek diňe özi hakynda,
ýa gönüläp, ýa kakdyryp, ýakynda
biri diýdi: hiç zadyňy okamok,
şeýle boldy, adam goşgudan bizar;
soramandym, emma diýdim içimden:
diýmek bu-da durup bilmän okaýar.