Goldawsyz goldaw


Uly adam göz-görtele aldaýar,
ozaly öz-özün, soňra ynanýan,
ynanasy gelýän bölegin iliň,
ýalan sözün gysganmaýar, arasy
hemmä belli zatlar bilen bezelen,
ogry belli, jümri belli, milletiň
aç-horlugy, talanýany belli zat,
talaňçysy uly, kiçi, içinde,
daşyndan-da ýetik, dogry, kömekçi,
emma millet, jadylanan mysaly,
goramaýar, goldamaýar özüni,
biri-birin gara güýjüň öňünde,
başarany gaçýar başyny alyp,
çagalaryn alyp, yzyn garaman,
başarmadyk dymýar agyr, gussaly,
nämemişin, gözi gorkupdyr ýaman,
otyr içi gutulmajak hassaly,
öňki, soňky görenleri, çekeni,
aga bolan ýatlaryndan çykanok,
ýetişdirip barýan tutjagy yzyn,
a ol diýýär goldawym bar ullakan,
gaty güýçli, seredýär-de gözüňe,
ýaş oglan däl, 50, 60 ýaşapdyr,
görseň, baksaň, geçen ýoly ýeňil däl,
gelen ýeri, duran depesi gowy,
ýat illerde ýer sermenip ýaşaman,
dikelipdir, bilýär etjek işini,
ýöne goldaw, millet başga mesele,
onuň öňün çekjek, dikeltjek bolsaň,
düşünmeli kän çyrçyga, kesele,
adamalary näme etdi bigäne,
ýa iki gün emel ýeten eselip,
näme üçin gözden, gulakdan galýar,
belki, özüň aldamazdan öňürti,
soramaly bize nämeler bolýar?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024