Naçar ýurt

Obaly gyz, şäherli gyz, garyp gyz,
ejesi, kakasy para almaýan,
ýumurmadyk ýurdy ata-babasy,
goran, belki, gylyç alyp eline,
gyrkylykly, bolman başga ýaragy,
urulanyň, gyrylanyň dowamy,
Gazawatda, Gökdepede gutarman,
okajakdyň, işlejekdiň il ýaly,
ýaşajakdyň az däl, azajyk uzak,
garyp uýam, naçar dogan, bagyşla,
saňa pesler, parahory goldaýan,
halallyga aýkgabyn süpüren,
aýdym aýdyp gurdy duzak...

Olar seniň arzuwlaryň öldürdi,
uýam, halyň niçik diýmäge derek,
her gün ýolda, çar tarapda gördüm men,
saňa aga gerek, ar alýan gerek,
depelejek doganlar däl, dilinde
janym diýip, hanym diýip, hakyky
göreş güni kesek tapsa bukulýan,
aýal dogan, ýurt içinde, daşynda,
çörek ýoly gysgalmaýar, uzalýar,
emma görüp, görmezlige salarlar,
saňa bolýan ýurda bolýar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024