Ýiten millet

O milletde ýa hökümet,
ýa-da şasy, başy çaşan,
ýazyjysy, şahyr bilen,
ýa-da arzan žurnalisti,
alymlary, adamlar däl,
hüjüm etse, diýse islän
zatlaryny gypynç etmän,
bir adamy kyhlap ýaman,
hiç delili bolmasa-da,
ýok edilse çynyn aýdan,
süri bolup, köplük ejiz,
egsikligin etse aýan,
gorkagy däl içindäki,
batyry has gorkar iliň,
busar aşak, gara başyn
galdyrmaga ýetmez hetdi,
meger, millet gelip-gelip,
şu pursatda öldi, ýitdi.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024