Ýol ahwaly

Daşyň çola, bolmasa-da “hä” berjek,
uzak ýolda ýoldaş bolup özüňe,
özüň bilen gürleşersiň, gidersiň,
egne alyp ýeten ýüki, gözüňe
ýaş getirmän ýykylsaň-da, agyry
ýüregiňe batyp, turarsyň ýene,
dem alarsyň, ýylgyrarsyň zor bilen,
umydyň bar, diýmek, dirisiň entek,
iň esasy – garaşmadyň hiç kime,
halas eder diýip akylly, tentek.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024