Kümsük problemasy
Eger ile uly bolsa yhlasyň,
birleşdirsiň kümsükleriň baryny,
olar saňa gary göreşjek bolup,
ile garşy göreşerler dawasyn,
jenjelini gyra goýup özara,
çar tarapdan çekelenýän döwlete,
durmaz olar düşsün bitmejek ýara,
bu seretseň, bir asyr däl, has uzak,
kümsükleri bilen salynan duzak,
dilde kändir düzüw, wepaly ile,
emma köp bor soňra wepadan hile,
aldaw oýny, buýsanç bilen oýnalan,
sen gowusy gowşat ile yhlasyň,
halka haýyr etjek bolma artykmaç,
ýa-da ýaşyr edýän işiň, garrysyn,
iň esasy gaýgy etme ýaşlaryn,
goý, köşeşsin kümsük süri, ýeňildi,
ýatdy diýip, gitsin taşlap daşlaryn.