Beýlekiler, eýlekiler

Beýlekiler, eýlekiler, ýat, ýakyn,
oýnaýanlar pikirdeşiň rolun,
uzak ýolda ýoldaş bolýan ýalandan,
ýa oýnaýan pida bolup hemişe,
emma pikir-garaýyşy çäklije,
düşünjesi kelte, dilleri uzyn,
ýeňişiňe guwanmajak hiç haçan,
kömek, goldaw sorap, çagyrsaň gaçan,
gybat eden, iň oňarýan pişesi,
jedel eden, ownuk-uşak gep tapsa,
ne ýakaňy, ne ýeňiňi goýberen,
galybyna saljak bolup jan eden,
boýun alman ýalňyşyny görnetin,
geçeniň, geljegiň üstüne atan,
näme etse etsin, saklap bilmersiň,
herhal, sakla, pikirini dakmasyn,
medal edip, orden edip döşüňe,
berme, täze penjegiňi zaýalap,
ýakasyny deşmesinler begenip,
daýyň bolsun, ýa ýakynyň has beter,
özüne çen kiçeltmesin ýegeniň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024