Goşgynyň hyzmaty
Goşgy diňe dünýäň düýbüne ýetip,
bolajagy, gelejegi görmek däl,
şu günüňe göz ýetirmek ozaly,
bilmek, görmek adam bolup oýnaýan,
çopanly, çopansyz, köpelen maly,
okany, dokany iýip doýmaýan,
has ajygan yza galan garypdan,
otdur öýdüp iýmez ýaly ir säher,
ýa agşamlyk, ajyganda has beter,
bişen haýsy, bişmedigi bilmejek,
goşgy günde kömek etmek özüňe,
ýazylmaz ol boljak bolup ölmejek.