Jeňňel kanuny

“Bar gidiber” diýlip kowlan meýlisden,
mejlisinden hökümdaryň göz edip,
bir, iki däl, on, onki däl, köp boldy,
adat boldy ylgap gitmek çykalga,
ýa girelgä, nobatdaky petige
maňlaýyňy urmak üçin, ýazgytmyş,
näme bolsun, sorajak ýok, biljek ýok,
ýa-da bilip, geň görjek ýok çala-da,
ýogsa okan, bilim alan ählisi,
näme üçin hiç birisi säginip,
galat diýip aýtmak dursun galada,
ýüzi aşak, gözi aşak, baş aşak,
diňe basjak ýerin edýär alada?

Ýok, bu ýalan, bir bölegi, belki-de,
dowamydyr karam oýnuň, ýalandan
ölen bolup, galan bolup sedasyz,
demsiz, düýtsüz syrtlan ýaly, hamala,
arslan agzy açyk wagty, aç wagty,
olar muňa ýöne, aňsat gelmedi,
bilip geldi ýollaryny, ýodasyn,
aýdyp, diýip, saýlap, seçip sözlerin,
ýumup mäkäm doga açyk gözlerin,
sebäbi bilýärler jeňňel kanunyn,
güýjüň ýetse, bir gün alarsyň aryň,
a ýetmese, başyň iýip başdaky,
awy eder bir gün ýagyşyň, garyň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024