Soralmadyk sorag

Nirdediňiz Sapar serdar
türmä basyp, güm edýärkä,
agladýarka çagamyzy,
ak günümiz tüm edýärkä,
ene-ata, dosty-ýary
terror bilen sem edýärkä...

Hytaý ýa-da Hindistan däl,
üç-dört milýon bütin millet,
tanalmaýan tiresi ýok,
taýpasy ýok, gümmi-sümmi,
görýärdiňiz, bilýärdiňiz,
belki, daşdan gülýärdiňiz.

Çeýediňiz, öňden görýän,
käte duşup, akyl berýän,
has köp bilýän adamdyňyz,
ýöne düýbi meseläniň,
pul gerekdi size diňe,
gül gerekdi, hiç tikensiz,
bu syýasat gerek däldi,
maňa näme il tükense,
ogurlansa döwlet diýip,
wezipeli, işlidiňiz,
bize görä güýçlüdiňiz.

Indi näme hoňňy-hoňňy,
ýüregiňiz daşmy, doňmy,
ýa agaçmy diýen bolup,
hajy donun geýen bolup,
bajy donun geýen bolup,
geýen bolup donun merdiň,
adam gerek boldy birden,
ýok, gözlemäň, tapmarsyňyz,
hiç ses, seda çykmaz ýerden.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024