Prokuror dini
Olaryň barysy diýsem ýalançy,
belki, ýary prokuror bolmakçy,
eli uzyn, dili uzyn bor ýaly,
kazy bolup, uly para almakçy,
çykarmakçy agyr höküm pulsuza,
bermedige bermelini wagtynda,
garpyz oklap oturana tagtynda,
iň bolmanda ýolda, ala taýakly
durmakçy hem gara maşyn müneni,
ýa maşynyn ýuwmadygy wagtynda,
talamakçy, bahana kän, gürrüň kän,
kanunlary kagyz bolsa döwletiň,
işlemese işşlemeli ýerinde,
açyk sebäp - prokuror boljak köp,
goý, kürsüsi, parasy-da bolmasyn,
oturan ýerinden çykaryp höküm,
öz garşy ýa ýüpi bilen ölçejek,
at dakjak kän çem gelene çekinmän,
agyr-agyr günäleri, şyltagy,
otly tagan edip başgaň boýnuna
oklajak kän ilde, gorkmasa, alla,
a soň özi türmä düşse, talansa,
baryn-ýogyn berip gaçjak, gutuljak,
oturjak başyny basyryp kaýyl,
ýa ýat ilde ýesir, günlükçi, saýyl,
öňýetene aýagasty, urulýan,
kineli, kitüwli başgadan diňe,
nämemişin, ýokmuş uzatjak elin,
bu milletde ejir çeken ýeterlik,
emma kän däl bilip, ýygnajak dilin.