Arakesmesiz göreş
Göreş dowam edýär, erkiň göreşi,
ar-namysyň urşy barýar dünýäde,
bir sagat däl, ýeke minut durmaýar,
aýaklaryň uzyn salyp oturmak,
dynç almak ýok dynç alýaryn diýseň-de,
garnyň doýsa, gözüň doýmaz ýokarda,
egniň bitmez saýlap, ýüpek geýseň-de,
ýa aşakda, ýetde-gütde ýaşasaň,
uruşdasyň, ýaragly ýa ýaragsyz,
emma köplük bolan bolar bilmedik,
gülen bolar darkaş gurup ölýäne,
perwana dek oda urup özüni,
bu hemişe şeýle boldy, adamlar
bölünýärler aglaýana, gülýäne,
ýöne ýaşyn gizlär olar hemişe,
pida oýnun oýnamasa ýalandan,
çünki agy ejizligiň nyşany,
begendirer duşmanlaryň owunjak,
habar tutýan dostuň bolup günaşa,
göreş dowam edýär, düşünýär adam,
ýeňiş näme, ýeňliş näme, köp ýaşap.