Gülki dermany
Mesele däl pikirdeşler ýüzüňe
näme diýsin, ýa diýmesin gönüläp,
gaty görer, ýumşak görer, gidersiň,
öz ýoluňa, ýüküň agyr, ýeňlemez,
aýdylan söz, aýdylmadyk - synagyň,
diri bolsaň, mydam pikir edersiň,
emma pikirdeşim diýýäniň gowy,
gowy bile üçleşmäge, iýmäge
tamdyr çöregini süzmä batyryp,
ýarmarkada daýzalardan alynan,
ýok mahalyň, yzdan diýýän zatlaryn,
ugursyz geplerin eşitseň, bilseň,
bir seni däl, öz-özlerin kiçeldip,
gara şaýy edip bahasyn wepaň,
ýa ygraryň, owadan söz diýmäge,
hopugarsyň, ýöne ýeňersiň ýene,
gahar etmäň ýerne ýylgyrsaň, gülseň.