Erksiz eziji

Eger-de sen berdim diýip ornuňy,
berlen saňa, belki, alla tarapyn,
ýa-da adamlaryň akmaklygyndan,
eýe bolan ygtyýaryň, erkiňi,
ezip bolýan, dözüp bolýan çaga-da,
agzyndaky çöregini ogurlap,
boldy, besdir diýip, berýänden bolup,
kesekä däl, iň ýakynyň - ogluňa,
ýa-da agtygyňa berip bilmeseň,
yzyňa dolansaň gidip, çekilmän,
beter etseň, çigişdirseň düwüni,
alla, birden çözülmesin diýýän dek,
seniň ornuň däldir eýelän ornuň,
orun seni eýeländir, belki-de,
ýa mal-dünýe, gazanylan her hili,
olar seni eýeländir, münýändir,
eşek ýaly, ýene ez diýip ili.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024