Özüňi üýtget
Albert Şwaiýtzeriň äheňinde
Doga, dileg üýtgetmeýär dünýäni,
ezileni ezýär ýaragy güýçli,
ýaragyna görä ýarag görmese,
ogry-jümri, kanunlaşan, ownuk däl,
iri ogry, eli uzyn, bokurdak
iň esasy tutýan ýeri tutanda,
il çäresiz ýesir bolýar, gul bolýar,
alla diýip, karam oýnan utanda.
Doga, dileg ýütgetmeýär dünýäni,
ýöne, belki, giňlik berýär adama,
pursat berýär dürsemäge özüni,
gara gahar, agy, arman boganda,
kynam bolsa, açyp ýaşly gözüni,
seredýär ol gurjaklaryň ýüzüne,
hezil etjek ýykylsa hem galmasa,
diýmek, doga gaýrat berýär adama,
gujur berýär, dikel diýýär, bolmasa
işiň galar, kabul bolmaz dilegiň
doga, dileg üýtgetmeýär dünýäni,
üýtgedýär ol azda bolsa bilegiň,
beýniň, başyň, ýüregiňi esasy,
sen dileg et, üýtget özüň özüňde,
doga edip, bolma gänäkär, asy.