Bagtly eziji
Senden başda gaty gorkar eziji,
açyk bolsaň, aýtsaň edýän pikiriň,
pikir eder bardyr arkaň, daýanjyň,
iliň bardyr, bähbidini goraýan,
düşünjek bar, belki, ýanýan zadyňa,
emma ol soň görer, seniň arkaňda
ne iliň bar, ne obaň bar gorajak,
ne dogan bar, ertir ganyň sorajak,
tersine, urulsaň, ýetik begenjek,
dymjak ýa-da näletlejek gideni,
ilin ezýän görer, tanar milletin,
biler neden bolýar ähli edeni.