Çykalgasyz çykalga

Ernest Hemiňweýiň äheňinde

Käte, belki, wagt geçirmek,
ýa çydamak üçin çekip,
arasynda galyp içen,
çeken ýaly adamlaryň,
çöken ýaly adamlaryň,
ýa ýitiren ýolun, yzyn,
ýa hiç haçan öwrenmedik,
gerekdigin bilmedik öň,
ýol-ýodanyň kelte, uzyn,
üstesine akyl satýan,
akmaklygyň pidasy soň,
gutaranyň köplüginde,
içmeli sen ýykylýançaň,
köşeşmeli şeýdip biraz,
unutmaly kimdigiňi,
nämedigiň, bulam-bujar
bolup ýatyp uzak gije,
ýogsa kyn bor, kesellärsiň,
gutulmaga ýetmez güýjüň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024