Ýaş türkmen üçin ýazylan pent

Çilim çekme, nasam atma,
arak, şerap, piwäni goý,
toý bolsa-da, iller içýär
diýip agza alma kola,
ýaşa hem ös, düşme nola,
gürrüň etme bor-bolgusyz,
ne özüň öw, ne ili döw,
endigi kän, gylygy kän,
pes adamyň ulagy kän,
ýeke-ýeke çekiçle, döw,
pes gylyga bolma dükan,
wagtyň bolsa, iki minut,
oturda-tur, elleriňi
eýläk-beýläk galgat bolman,
dadyny gör dagyň, düzüň,
begen dünýä düşse ýüzüň,
kitap oka, gowy kitap,
zir-zibili alma ele,
gaç ýa çekil, bir minut-da
göýdük bilen bolma bile,
ýa bolmasa başga dilde,
gerek dilde oka, düşün,
iki setir ýeke wagtyň,
gaýtala her sözün, üýşüp,
goşun bolar ýaly ertir,
çyk galypdan, il-günüňi
kerpiç eden ýesirlikde,
diwar eden öli janly,
maňa muny aýdan ýokdy,
özüm geldim altmyş ýylda,
dagy, düzi geçip, ýadap,
ýazdym, belki, alar diýip,
bu pendimi bir ýaş adam.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024