Ýöntem oýun
Adamlar geň, düşünmesi aňsat däl,
oýnaýarlar akyllynyň oýnuny,
ýylgyrýarlar ýylgyrmaly ýerinde,
tanap dünýäň geçisini, goýnuny,
ýeseriň oýnuny oýnaýar olar,
hemem sada, görnüp duran aňyrsy,
çelpek ýaly ýuka, telper çanak dek,
könelen hem jaýryklary ulalan,
adamlar geň, düşünmesi ap-aňsat,
biri beren bolýar, beýleki alan.
Ol akylly, inşin goýmaýar ertä,
görmelini görüp, tapyp tanşyny,
bermelini berip, çykyp hasabyn,
nämemişin, başga çäresi ýokmuş,
gerek bolsa adam bolmaly sabyn,
ýöne uzak sabyn bolup bolmaýar,
ýa-da hemme başarmaýar bu işi,
iki-ýeke has talantly bolmasa,
ýa bolmasa berilenler ýokardan,
ýa başgasy ökde çykýar berimde,
onsoň oňa git diýýärler yzgytsyz,
uly mejlis, el çarpylýan, hamala,
bagtyň öýi ýaly gelen ýerleri,
adamlar geň, düşünmesi aňsat däl,
geçjek bolýan ýaly gujaklap şeri.