Aç ýaşulular

O ýaşuly, bu ýaşuly,
ak sakgalyn sylaman öz,
çal başyny salyp aşak,
näme üçin näme edýär,
nirden gelip, nirä gidýär,
bilýär özi, bilýär iliň
bilýänini niçik halda
öz-özüni basgylaýar,
o ýaşuly, bu ýaşuly,
iýjek bolsa terje hyýar,
içjek bolsa arassa suw,
çagyrsalar, saçak başy
gowy öýde aç bolandan,
ömür gysga, öljek basym,
o ýaşuly, bu ýaşuly,
abraýy ýok bir gysym.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024