Ozalky we häzirki türkmen
Türkmen ozal Gazawatda uruldy,
baş egmedi gara güýje, gyryldy,
çapyldy ol Gökdepede, soň ýene
basmaçy ýa halk duşmany, başyny
dik tutmaga sähel ýagdaýy bolsa,
Garagumdan Sibirlere sürüldi,
bahanasy ýetik boldy zalymyň,
urşa sürdi ýarag bermän eline,
tylda guldan beter etdi galanyn,
şaý-sepini ýygnap alyp, geline,
ulugyza talaň saldy, soňundan
Hajy Ysmaýylow galamyn uçlap,
gopuzlyja gyza guwanar ýaly,
ýa daýnar ýaly gara gününde,
türkmen ozal gyrylypdyr, pul, haly,
malyn döküp, palta hakyn bermeli,
emma elin ogşamandyr paltalyň,
paltalanyň daşdan, ýurt aşyp gelip,
türkmen ozal dik durupdyr, ölmändir,
arman indi busýar, dirikä ölüp...