Türkmen meselesi
Bu türkmeniň meselesi
ilki seni okatmazlyk,
haly, palas dokatmazlyk,
goýun bakyp, ýüňün ýygnap,
ýapdyrmazlyk gülli keçäň,
azap etmek gündiz-gijäň,
dok etmezlik ekip, dikip,
iň bolmanda towuk saklap,
aç bolmaly ýarpy garnyň,
ýa ýalaňaç ýarpy egniň,
bolmaly sen mätäç diňe,
kaýyl diňe, gözüň içi,
ak-garasy garaşlylyk,
şükür edip garaşmaly,
dilemeli sabyr hakdan,
gora diýip bardan, ýokdan.
Bu türkmeniň meselesi -
tabyn bolup ýaşamaly,
ýaşamaly sabyn bolup,
işe girjek bolsaň seni,
almaly däl her zat edip,
ýa alsalar, it dek dalap,
talap alar iň gowusy,
beýlekiler, aram köplük,
taýak sokar tekeriňe,
kemçiligiň gözlär, tapar,
basjak bolar aşak, heder
eder seniň ösmegiňden,
gürleşerler, birleşerler,
bulajaklar ýüregiňi,
alyp gaçyp küregiňi,
batyrjak bor gaýgyň olar,
aman galsaň, gynanarlar,
eşidersiň gep baryny,
aryn alýar şeýdip olar,
şygarlary - dep baryny!