Ýaşalmaýan ýaşaýyş
Rumynyň äheňinde
Ölüm näme, bilmejek ýok,
gujagyna gelmejek ýok,
galmajak ýok onuň bilen,
bir ýassyga goýup başyn,
aýrylyşyp gidip bilmän,
gaýry ýaşap ýaşan ýaşyn;
emma näme ömür sürmek,
ýaşaýyşy bilmeýän kän,
her zat edýär adam ogly,
berilmedik zady alyp,
boljak bolup başga, özün
açýanyny bilmän beter,
aýdym aýdýar, aýdymy ýok,
goşgusy ýok, ýazýar gazal,
kitaplary hatar-hatar,
baş hünäri ýalan, talaň,
agşam pulun sanap ýatar,
emma garyp, pakyr örän,
dogulýan kän aglap, emma
gülmeýär köp ýerden ýörän.