Öli halk
Sen özüňi ýokarda däl,
goşgusynda gul bolmadyk,
azat-erkin adamy goý,
busan, susan, çalamydar,
diri görmek islemeýän
adamlary özüň bilen,
eliň berip, arka alyp,
dag başyna çykjak bolma,
ýykjak bolma bar duşmany,
özi bolsa ýagy iliň,
öz-özüne ilden ozal,
ile bolsa, men kim diýip,
ýazma ölüp, öli gazal.