Türkmen göçümi
Ol adamlar ýüzün ýerden
galdyrmaýar, bakýar aşak,
depderleri, galamlary,
agyr, belki, aýak duşap,
guruşdurýar akyl-huşun,
başga, täze pikiri däl,
ýat tutulan sözleri-de,
gaýtalanýan otuz ýyllap,
kynlyk bilen aýdýar olar,
aýdýar gorkup, sandyraklap,
ýa bu oýun, gorkan bolup,
etjekleri içindemi,
türkmen aga, göçüp-gonan,
ýene öňki göçündemi?