12-nji iýul goşgusy
Sen kanunyň guly bolsaň,
berjaý etseň borçlaryňy,
uly bilen uly bolsaň,
kiçi bilen kiçi bolup,
gara günli, mätäç galsaň,
öz kanunyn bozýan döwlet,
basgylaýan adamlaryn,
işden kowup islän wagty,
islän wagty basyp türmä,
bolşewikden galan tagty,
bilýäň, nädip geçdi olar,
gowşak, gorkak saýar seni,
diýer näme etsem bolar,
ýa az diýer edenlerim,
öldürer ol enesini,
atasyny gidenleriň,
doganlaryn ýesir eder,
ýegenlerin ýetim eder,
döwlet ýetse azanlara,
diňe azsaň eder heder.