Gowy bolsaň

Minnetdarlyk sözi sada bolarmyş... G.Ezizow

Sadalyk ýok, hiç galmady, gutardy,
özüňi aldasaň, başga gep, şahyr,
bu häzir däl, seň döwrüňem şeýledi,
sada bolsaň, düşünmeseň aýlawa,
kadasyna oba, şäher sirkiniň,
öwrülmeseň öwrüminde döwletiň,
adamlaryň, belki, döwlet diýilýän,
ýollaryň uzaga gitmejek, durjak,
güýçli bolsa käşgä duşmanyň, ejiz,
gorkagyň gorkagy ýüzüňe urjak,
garalajak arka diräp köplüge,
ýesir düşen, süri, çopan aşygy,
minnetdarlyk sözi geçmeýär, şahyr,
arkasynda etli saçak bolmasa,
pul bolmasa, mal bolmasa, belli zat,
indi açyk, has gönümel adamlar,
sözi jübä salyp bolmaz diýýärler,
belki, gowy bolsaň, gowudyr durmuş,
ýöne gowulary üýşüp iýýärler.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024