Žurnalist we il
Žurnalisti urup bolar,
döwüp bolar el-aýagyn,
garalap bor adyny-da,
töhmet atyp, gybat satyp,
syryp bolar saçyny-da,
öldürip-de bolar ony,
bu adatdyr bozuk ilde,
basgylanan, mertebesiz,
saýlap alan ezilmegi
göreşmegiň deregine,
gerek däldir gerçek oňa,
aýdyp bilýän, diýip bilýän
gerek diňe iýip bilýän,
il rysgalyn, tonna-tonna,
olar hakly, mamladyrlar,
hiç kim baryp bilmez ýanna,
emma höçjet žurnalisti,
bozulmadyk ili bilen,
urulsa-da ýüzüne kän,
bir özün däl, ili bilen,
näme etseň bolar nyrhy
arzan bolsa il-ulusyň,
ýaşamagy saýlap alan,
dik durup däl, diňe busup.