Dargadylan şübhe
Gördi dünýe samsyklygyň çägi ýok,
bir gezek däl, ýüz gezek däl, müň gezek,
ýöne ýene geň galdyrýar käbiri,
gülki bolýar, walla, öz-özün ezip...
Eger-de ol öňe çykmadyk bolsa,
çykarmadyk bolsa döwür, zamana,
karam oýun, uzak ýyllar oýnalan,
ýa açmadyk bolsa agzyny asla,
gürlmedik bolsa, ýazmadyk bolsa
goşga meňzeş, kyssa meňzeş zatlary,
haýran edip ýakynlary, ýatlary,
näçe güman etsin, çak ursun millet,
samsyk diýip, akmak, göterim diýip,
ýa pak diýip owal-ahyr bolmadyk,
bilmezdiler, dargatdy ol dumany,
ýel gelen dek, orta çykyp, gümany.