Ýaradanyň islegi
Belki, gowy, adam özün
ýesir edýär tutup gözün,
beýnisini, aňyn baglap,
soň ýok edýär öz-özün ol
bir günde däl, kän günlere
bölüp, büçüp, azdan, köpden,
bar bolmagyň ýolun gözläp,
ar almagyň ýolun gözläp,
duşman gözläp dostdan ozal,
dostlaryny duşman edip,
hakykatda dostluk näme,
duşman näme, bilip bilmän,
aglaýar ol gülünmelä
bolman içden gülüp bilmän,
belki, gowy şeýdeni-de,
meger, hakyň islegi bu,
ýogsa adam, nebsi uly,
eli ýetse, birin goýman,
bar kişini tutjak, atjak
zyndana ýa kisesine,
kinesine bulaşyp kän,
belki, gowy galany oň
öz aýagna çolaşyp kän.