Alaçsyzlygyň sebäbi
Maňa türkmen eýle diýme,
beýle diýme, halamaryn,
emma pikir üçin arlap,
türkmen ýaly dalamaryn.
Bilýän, agyr söze ökde,
kemsidesi geler bolsa,
deňsiz, taýsyz ýerde, gökde,
göhi geler gygyranda,
gowy söze gysyk bolar,
gynanarsyň bagyranda,
biri-birin iýýän halka,
öz astynda galan uzak,
hem ýok haka diýýän ýalka.