Seniň bagtyň

Seniň bagtyň, düşünmedik düşünmez,
türmede bol, sürgünde bol, gal ýetim,
eneň, ataň ölüp yzyňda naçar,
gözleri ýoluňda, ýumulman giden,
adyn, abraýyn saklamak bolar,
çünki bilýäň, näçe güýçsüz bolsa-da,
ogurlyk ýoluna salmady olar.

Seniň bagtyň, el galdyryp ýalana,
ýesir düşen millet, ýaşajak pully,
tans edende, küşt depende keseden
ýylgyrmak däl bolan bolup akylly,
bulamak däl beter bulanyk suwy,
balyk paýyň tutmak üçin gyssanmaç,
işiň etmek, agyr-ýeňil, ölýänçäň,
gykylyk däl, doýan bolup, bolup aç.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024