Garakçy döwlet
Polisiýa, döwlet garakçy bolsa,
ýagy bolar garyp düşen iline,
mekgejöwen satjak bolýan köçede
jenaýatçy bolar, urlup biline,
çörek pulun tapmaz ýaly gabalar,
derdin aýtsa, haly harap aglasa,
“Öýüňde öl, git” diýerler agalar,
nämemişin, işin edýärmiş olar,
buýruk barmyş başlyklardan, ýokardan,
rehim, şepagat eliň çyraly,
gündiz gözle, gije gözle, tapylmaz,
ahy-nala urar içinden ili,
kimi görseň hassa, keseli ýetik,
dileg edýän garry-gurty, çagalar,
gyrgy gören serçe ýaly gaçarlar,
emma uly ogry bolsaň başga gep,
ýurt gapysyn, köşk gapysyn açarlar,
törde bolar orny uly kezzapyň,
bir, iki däl, köp bor ýurdy gemirjek,
orden, medal bezär döşün olaryň,
polisiýa, döwlet garakçy bolsa,
bilmez bilse allasyny, alaryn.