Ýagşylyk etseň
Diýýärler adama kimdigi üçin,
nämedigi üçin etme edýäniň,
ýa ýagşylyk etme gaýtarar diýip,
özüň üçin, alan terbiýäň üçin,
belki, biraz parhly bolup, saýlanyp,
gelen ýeriň, aman galanyň üçin,
et gelenin ýüregiňden, eliňden,
ýöne soň bil goldanlaryň, başarsa,
hemmesi däl, arasynda köpüsi,
duşman bolar, gara tapsa çyrşajak,
gowy bolar diňe ýatany busup.