Kanagat oýny
Şahyrlary, ozanlary,
alla, hudaý, aglaýarlar,
gerek bolsa kimiň eli,
ylgap baryp ýaglaýarlar,
a soň arman içe urup,
gidenleri özleýärler,
eje, kaka, goşgy ýazyp,
aýdym aýdyp bozlaýarlar,
belki, bilip görgülerin,
galdyr-galdyr ýaşan ömür,
gorkusyndan gara kömür,
köýük bolan içi, bagry,
ogla, gyza goýup ahyr,
ölen agyr ýüki, ýagry.
Ýazyjysy, žurnalisti,
alla, hudaý, aglaýarlar,
bozlaýarlar eje, kaka,
käbäm enem, atam diýip,
mysapyryň donun geýip,
miras goýan ejizligi,
garyp ölen atalaryň,
eneleriň zürýatlary,
diýýär şükür, atyşyk ýok,
top-tüpeňsiz ölüp günde,
çünki açlyk otyr açyp,
ýakasyny il öňünde,
halk öňünde, atdan düşen,
gylyjyndan pyçak ýasap,
aş kesmäge ýarajak täk,
öň bir millet, indi başga,
urulmanka diýýär ol wäk.