Surat

Saparmyradyň işi

Bizi toýumyzdan, ýasdan aýyran,
ýat illerde hasrat bilen maýyran,
Saparmyrat sowulanmyş bireýýäm,
il başyndan, bela bolup gitmejek,
gelýär, gabrynda-da goýmaýar bizi,
miras goýan şeri örňeýär, ösýär,
ogurlygy boldy kanun-kadamyz,
ýa däbimiz, ata-baba sylaýan,
a dinimiz, imanymyz ýalan söz,
hem her gezek, başymyzy iýýän dek,
ajy habar gelse yzdan, arkadan
ýüzükli ellerin galgadyp çykýar,
ýeňindäki pyçaklaryn güjeňläp,
tans edýär ol, heýkeline jan girip,
öňküsi dek, Gün ugruna, haýbatly,
aýlanmagyn dowam edýär, dowamat,
dogry söz däl, meniň işim diýýän dek.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024