Ýokardan gelen ses
Iň gowusy ilki ogurlyk etme,
soň geç diýip ýalbarandan hudaýa,
bizar etme, ýalka diýip, ýaradan,
geçilmejek hatalary hatarlap,
ýöne alla garyp-gasar, aç bolsaň,
geçer, belli, käte ýalan sözläniň,
ogurlyk edeniň, çydaman, belki,
toba etseň ýüregiňden, dilde däl,
emma mesi geçirmeýär ýaradan,
ýa baýlary, çuwal-çuwal altyny,
iňňäň gözi ýaly, dar onuň ýoly,
ýük maşyny sygmaz oňa ýüklenen,
aşagy pul, üsti gatbar-gat haly...
Gözi gyzaranlar ýalbarsyn näçe,
gana galan, janyn alan naçaryň,
çagalary talan, talan garryny,
çeker munda jezasyny gitmänkä,
goý, tans etsin il ýüzüne ýylgyryp,
aýdym aýtsyn, goşgy ýazsyn öwünip,
çeker asy, ýatsa basyp gara döw,
ýuwulasyň gelse, diýenleriň däl,
gara nebsiň depesinde taýak döw.