Sowet adamy
Her obada bardyr sowet adamy,
öz ýanyndan çişip, gomalyp ýören,
akly ýetýän dünýäň aňry başyna,
goý, bilmesin ata-baba taryhyn,
basyp alan ýok edensoň geçmişin,
ogurlanan gelejegin goýaly,
şu gününi güzeranyň yzynda,
döwüm nana, gara suwa çalyşan,
her şäherde bardyr sowet adamy,
ýok edilen adamlaryň yzynda,
belki, alla galdyrypdyr tohumlyk,
ýetim, ýesir galyp, göýdügen, ösen,
gürlär, goýar, bilýän zady köp ýaly,
ýöne özün taşlan, özünden tesen.