Sosial mediadaky sorag
Gyzjagazyň kakasyny,
surat çeken bolgusyzja,
ýygşyrdylar tutup, basyp,
gara jaýyň törlerinde,
emma alty dikuçary,
ekipažy bilen bile,
hem uçary örän wajyp,
adamlary bilen möhüm,
ýok edende sazandalar,
kompozitor bilen bile,
bolmady hiç tutulan-da,
basylan-da dar jaýlara,
giden ýatar görlerinde,
galanlarda sorag uly:
näme bolýar, kim hojaýyn,
a kim eken guluň guly?