Ýagtylykdaky wezipe
Bilseň gowy, adamlaryň
içindäki güman, şübhe,
duşmançylyk nä dereje,
neneňsi çuň gahar, kine,
näme etjek mümkin bolsa,
aýdanlary gowy bilmän,
ýa-da bilip, taýýar bolup,
durar ýaly urjak wagty,
tanajak bol tanyşlaryň,
günüň ýaşman, düşse ýagty.