Çörek urşunyň sebäbi
Platonyň äheňinde
Çagalaryň garaňkydan
üýşenenin geçirse bor,
hakykysy pajyganyň
erkeklerde ýüňi ýeten,
ýagtylykdan öler ýaly
gorkan, ürken, bilip, belki,
edýän işin soňuna çen,
egridigin elleriniň,
ýalanyny dilleriniň,
hem düşünýän kän uzaga
gitmejegin bu ýagdaýda,
emma başga ýagdaýy ýok,
eker, orar, hasyl alar,
emma ýene bugdaýy ýok.