Içde galan agy

Sen yzyňda naçar ölen
ejeň üçin aglamasaň,
kakaň üçin aglamasaň,
aglamasaň agaň üçin,
iniň üçin aglamasaň,
ses edende naçar aýal,
gapdalyňda kakam diýip,
ejem diýip, gözi ýolda
galanlaryň göz öňüňde,
jellat alan daşlaryny,
awy eden aşlaryny,
ýeke-ýeke ýyksa döwlet,
aglamasaň, gözleriňden
buýur-buýur ýaşyň döküp,
ses etmeseň, agaç ata
münenleriň yzy bilen,
içiň galar gara köýük,
arman bilen ahmyr seni
gije-gündiz iýer doýman,
kümsük bolsa hökümet han,
içiňi gan öýer goýman.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024