Surat

Pitne elligi

Tokmak etdi ahyr etjek işini,
jaýryk saldy diwaryna sütemiň,
kelle sygjak, tanklar geçjek hatara,
çüýrük KGB-niň sarsdy binýady,
gördi hemme, düşündiler harbylar,
ogry-jümri bolan, goragçylar däl,
aňsat eken il şäherin alandan,
dişde-dyrnak goranlardan watanyn,
zulumyň paýtagtyn almak, ýumurmak,
ýok ekeni ony gorajak, durjak,
janyn berjek, tanklar çykanda ýola,
gaçjak eken ony saklaýan gurjak,
dünýä haýbat atýan öwrülip nola.

Ýok, bu başy, öňde ulusy pitnäň,
gördi iller, düşündiler, gorkulýan,
gara garantganyň gorkusy uly,
ol indi hiç saklap bilmez asyrlap,
aşyk, topaz edip oýnalan guly.

Edil düýnem kän ýalydy goldaýan,
gorajaklar başyn goýup dilinde,
gysdy bary gysar ýaly ýerini,
ýere taşlap näme bolsa elinde,
has gorkagy, aýdyp agza gelenin,
düýnki hudaýyna gargady, sögdi,
ýaranlary bar ýalydy daşarda,
sallançagyn çekip, hiňlenip, hüwdi
sözi bilen, sazy bilen güýmeýän,
hemme gördi, diwarlary ýykyljak,
hemme gördi ilki gaçjak pezzigi,
diýmek, pitne gutarmady, başlandy,
tokmak etdi ahyr etjek işini,
kim galdyrar, ellik ýere taşlandy?

25.06.2033.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024