Surat

Giç aglanan agy

Juma-da ýok, Poşalak-da ýok indi,
Annam byrgat, ussa Hajy galmady,
Akmyrat Bäşimi eliň çyraly,
gündiz gözle, gije gözle, tapmarsyň,
Eneküti, işin eden adamlar,
işi galdy il içinde, yzynda,
ady galdy, ýatlaýarlar ýürekler,
daşa degip gysylanda, ölende,
kemsitmeden howa ýetmän, demigip,
ýok, bolmajak eken, bogulsa millet,
hiç gelmejek eken il ogly, gyzy,
aýdyp bilýän, diýip bilýän sözüni,
ýara bolsa ýurduň ýüregi, dyzy,
emedäkläp, açyp bilmän gözüni,
gara günde galsa, basyp alanlar,
hakydasyn ogurlasa, ýumursa,
umyt berip azda bolsa, gaflatda
ýatanlaryň gulagyny şaňladyp,
Juma-da ýok, Poşalak-da ýok indi,
o gün biri jaň etdi-de, aglady.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024