Ynjalyksyz adam
Bilip durkaň küýkileri
düzedýänin gabryň diňe,
sen näme üçin ýalan-ýaşryk
gatnaşmaly adam bilen,
ildeş diýip, diýip tanyş,
ýüreginiň garasyny
dürbi edip ulanýarka,
gören bolsaň, tanan bolsaň,
bir gezek däl, ýa iki däl,
bilip durkaň kast etmezlik,
diňe gara zyndanda däl,
dowzahda-da mümkin, eger
gowy bolsa niýet, päliň,
ýok, bolmasa ýagşylygy,
jennet bolsun baran ýeri,
adam bolmaz adam ogly,
urup, basyp, ynjaljak bor,
öz içinden iýip dowly.